BERKGAP

Biz barada

“Berkgap” Hususy kärhanasy size Türkmenistanyň senagat dünýäsine açylýan biznes gapy hökmünde hyzmatdaşlyk hödürleýär.

Türkmenistan tebigy gaz, senagat, himiýa we oba-hojalygy pudagynda çyg mallary we taýýar önümleri amatly bahadan Dünýä ýurtlaryna eksport edýän ýurtlaryň hataryndadyr. Önümçilik we söwda ugrunda ençeme ýyllyk tejribesini eksport-import iş ugurlary bilen utgaşdyrmagy başaran “Berkgap” ýokary hilli önümleri, halkara derejeli hünärmenleri we ynamdar hyzmat şertleri bilen ýurtda we sebitde uly abraýa eýedir.

Kärhanamyz Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmeseniň agzasy.

Wezipämiz

Dürli görnüş tebigy baýlyklaryň mekany bolan Türkmenistan döwletimizde bar bolan serişdeleri iň döwrebap, täzeçil we ussat hünärmenler bilen gaýtadan işlemek we dünýä ýurtlaryna eksport etmegi esasy wezipämiz hasaplaýarys. Bu ugurda alyp barýan işlerimizde dünýäniň iň tejribeli kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk saklamak arkaly kämilleşýäris.

Biziň bilen hyzmatdaşlygy ýola goýan  halkara kompaniýalar bilen ýokary derejeli hyzmat we önümlerimiz hödürläp uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýýarys.

Maksadymyz

Önüm we hyzmatlarymyzyň gerimini giňeltmek ugrunda alyp barýan taslamalarymyzda sagdyn ädimlerimizi ýaş we işine ussat hünärmenler bilen meýilleşdirýäris. Dünýäniň iň ösen tehnologiýalaryny öz önümçilik tejribämiz bilen utgaşdyrýarys. Hyýallarymyzyň çäksiz bolmagy bolsa biziň alyp barýan işlerimizde ähli kynçylyklary ýeňip, üstünliklere beslenen kompaniýa bolmagymyza iterýär. Ýerine ýetirýän önümçiligimiziň we berýän hyzmatymyzyň sanlyja ýylda dünýäniň iň ösen kompaniýalary bilen deňleşjekdigine bolan ynam bolsa biziň esasy motiwasiýamyz. Ýurdumyzyň biziň kompaniýamyzy we alyp barýan işlerimizi goldamagy bizi has buýsandyrýar.

Önümçilik desgamyz

Dünýäniň iň döwrebap tilsimatlary ornaşdyrylan önümçilik desgamyz 1560 tonna polypropilen önümlerini öndürmek üçin niýetlenilen. Desgamyzda dürli wezipelerde jemi 50 adam zähmet çekýär. Desgamyz “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni tarapyndan berilen ýörite ygtyýarnama esasynda hereket edýär. Öndürýän önümlerimiziň ählisi “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan sertifaktlaşdyrylan.

Sertifikatlar