BERKGAP

Hyzmatlar

“Berkgap” hususy kärhanasy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda satuwa çykarylan harytlary ýagny himiýa we nebit-gaz öndümlerini, tekstil önümlerini we pagta linterini eksport etmek boýunça hyzmatlary hödürleýär. Hyzmatlaryň ählisini ýerine ýetiremizde uzakmöhletleýin gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen ynamdarlyk we takyklyk esasy ýörelgämiz hasaplaýarys. Hödürleýän hyzmatlarymyz hakynda aşakda has giňişleýin maglumat alyp bilersiňiz. 

Halkara derejeli hünärmenlerimiz Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda satuwa çykarylan harytlary daşary ýurtly müşderilerimize alyp berme hyzmatyny hödürleýär.

Halkara söwda hyzmatlarymyz:

Daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanda legalizasiýasy

Daşary ýurt kompaniýalaryň Türkmenistanda wekilligi

TDHÇB-synda daşary ýurt kompaniýasynyň adyndan çykyş etmek

TDHÇB-nyň sanawynda görkezilen harytlaryň hiline gözegçilik etmek

Satyn alynan harytlary eksporta taýýarlamak we gümrükleme işlerini gurnamak

Satyn alynan harytlaryň logistika işlerini gurnamak


Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalaryny ýükläp almak Kotirowkalar

Pagta linteriniň eksporty

Kärhanamyzyň ýene bir hödürleýän hyzmaty hem Ak Altynyň mekany güneşli Türkmenistandan pagta linterini eksport etmekdir. Kärhanamyz ýurdumyzyň çägindäki ähli ösümlik ýagy kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk saklap, iň arassa pagta linterini eksport edýär. Häzirki günde goňşy ýurtlara pagta linterini eksport edýän kärhanamyz, ýakyn geljekde Ýewropa ýurtlaryna we Hytaýa hem pagta linteriniň eksportyna başlar.